Soňky habarlar

Arhiw

Ugruny üýtgetdi

15:1028.09.2020
0
1252

Halkara kosmos bekedi Ýeriň daşynda öz orbitasyndan sagatda 28 müň km tizlik bilen hereket edýär. Äpet gurluş 24 sagadyň dowamynda 26 gezek aýlanýar. Adamzat geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmosa dürli ululykdaky enjamlary iberdi. Ulanyşdan galan enjamlaryň käsi gözegçilikli ýagdaýda Ýere gondurylýan bolsa, käbiri kosmos boşlugynda galýar. Bu jisimler Ýeriň orbitasyndaky kähalatlarda emeli hemralara degip, olara zeper ýetirip bilýär. Kosmos giňişligindäki iň uly emeli hemra bolan Halkara kosmos bekedi şol jisimleriň urgusyndan goranmak üçin ugruny üýtgetdi. Aslynda, bu jisimiň kosmos bekedine degmegine garaşylmaýardy. Ol bekediň 10 km golaýyndan geçjekdi. Emma muňa garamazdan, bekediň ugry ätiýaçdan üýtgedildi. Adatça 6 adam bolýan kosmos bekedinde şu wagt iki rus, bir amerikaly bar. Bekediň tizliginiň çendenaşa ýokarydygy sebäpli kiçi urgular hem uly täsir edip bilýär.

Şeýle ýagdaýlarda bekediň ugrunyň üýtgedilýändigi, mundan ozal 24 gezek şeýle işiň edilendigini habar berildi.

Kosmos bekedi Ýerden 400 km çemesi uzakda bolup, ol wagtyň geçmegi bilen Ýere golaýlaýar. Ony ozalky belentligine çykarmak üçin Ýerden baran gämiler we özünde bar bolan hereketlendirijiden peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň