28-nji sentýabr – Maglumatyň ählumumy elýeterliliginiň halkara güni

13:0628.09.2020
0
518
28-nji sentýabr –  Maglumatyň ählumumy elýeterliliginiň halkara güni

Birleşen milletler guramasy tarapyndan her ýylyň 28-nji sentýabrynda Maglumatyň ählumumy elýeterliliginiň halkara güni bellenilip geçirilýär. 

2015-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasy, ýagny ÝUNESKO özüniň 38 C/70 belgili karary bilen 28-nji sentýabry maglumatyň elýeterlilik güni diýip yglan etdi. Şondan soň, dünýädäki birnäçe raýat jemgyýeti guramalarynyň we döwlet edaralarynyň bu dabarany kabul edendiklerini hem-de häzirki wagtda belleýändiklerini göz öňünde tutup, BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky A/RES/74/5 belgili karary bilen 28-nji sentýabry “Maglumatyň ählumumy elýeterliliginiň halkara güni” hökmünde kabul etdi.

Bu şanly senäniň mazmuny maglumatyň elýeterliligini, her kimiň maglumat gözlemäge, almaga we bermäge hukugynyň bardygyny aňladýar. Bu hukuk, söz azatlygy hukugynyň aýrylmaz bölegi bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň A/RES/74/5 belgili, ÝUNESKO-nyň 38C/70 belgili resminamalarynda görkezilýär. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň