Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň Covid-19 sanjymy 2021-nji ýylyň başynda ulanylyşa giriziler

12:5528.09.2020
0
1308

Hytaýyň “SinoVac” derman kärhanasy täze koronawirusa (Covid-19) garşy döredilen sanjymyň 2021-nji ýylyň başyndan ulanylyşa goýberiljekdigini habar berdi.

“SinoVac” derman kärhanasynyň uly dolandyryjysy Ýin Weýdong özüniň habarçylar bilen bolan söhbetdeşliginde, häzirki wagtda üçünji tapgyrda kliniki synaglary geçirilýän "CoronaVac" sanjymynyň geljek ýylyň başynda taýyn bolmagyna garaşylýandygyny we bu sanjymy ABŞ-a, Ýewropa  we beýleki ýurtlara ýaýratmagy maksat edinilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, ol sanjym taýýar bolan badyna, ilki bilen “Covid-19”-yň dörän ýeri bolan Wuhan şäherine we Hytaýyň beýleki sebitlerine ýaýradyljakdygyny, soňra bolsa bolsa ABŞ-a hem-de Ýewropa paýlamaklyk üçin degişli ýurtlaryň saglyk edaralaryna ýüz tutuljakdygyny dile getirdi. Şeýle-de, Ýin hytaý hökümetiniň 1-nji we 2-nji tapgyr synaglarynda netijeliligi subut edilen we hiç hili ýaramaz täsiri bolmadyk sanjymy epidemiýanyň önümçilik işine täsir etmezligi üçin synag döwründe-de ulanandygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň