Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň futbol çempionaty: möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda «Hujand» AFK-nyň kubogy — 2021-däki ýerini berkitdi

12:3528.09.2020
0
3583

«Hujand» futbol topary Täjigistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 17-nji tapgyrynda «Hatlon» bilen myhmançylykda geçiren duşuşygynda ýeňiş gazandy. Bohtar şäherinde bolan bu duşuşyk 2:3 hasabynda «Hujandyň» peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, çempionatyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, «Hujand» üçünji orundaky bäsdeşinden 8 utuk öňe saýlandy. Şeýlelik bilen, topar diňe bir kümüş medala däl, 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge-de hukuk gazandy.

Ýurduň çempionlygyny gazanan «Istiklolyň» indiki ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşjakdygyny ýene bir ýola ýatladýarys. «Istiklol» bilen birlikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň hem Täjigistanyň çempiony bolandygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň