Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy

23:4527.09.2020
0
1079

27-nji sentýabrda  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar.

Milletiň Lider dabaraly ýagdaýda ajaýyp binanyň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp ter gül desseleri bilen örtülýär. Bu güller Watanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň – onuň hemişeliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň alamaty bolup durýar. Türkmen halky Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent maksatlara ýetmekde täze üstünlikleri gazanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň