Dünýäniň iň beýik binasy türkmen Baýdagynyň reňkinde şöhle saçdy

22:1427.09.2020
0
29940

 

Birleşen Arap Emirliklerindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halifa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurduň Döwlet baýdagynyň reňkinde öwüşginini saçdy.

Şeýlelik bilen, Dubaý türkmen halkynyň Garaşsyzlyk baýramynyň 29 ýyllyk toýuny gutlady.

BAE-de 828 metrlik diňde türkmen baýdagynyň ilkinji gezek peýda bolmaýandygy mälimdir. Bir ýyl ozal ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli bu bina Türkmenistanyň döwlet nyşany bilen bezelipdi.

Burj Halifa diňi esasy yşyklaryny yzygiderli üýtgedýär. Köplenç yşyklar dünýäniň dürli ýurtlarynyň baýdaklara öwrülip, şöhle saçýar.

 

Bu bina 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda açylypdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň