Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ARETI-niň ýolbaşçysy bilen bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

22:0227.09.2020
0
8636

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi — diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we dürli pudaklarda, şol sanda ýangyç-energetika, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda bilelikde toplanan tejribe bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Işewür döwlet Baştutanyna ýerine ýetirilýän işler, şol sanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän holdinginiň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine, ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

duşuşygyň barşynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň