Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

22:0027.09.2020
0
4536

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy — diýip, TDH habar berýär.

...Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy baýramçylyk lybasyna beslenen Garaşsyzlyk binasynyň öňüne gelýär, hemmeler rowaçlyk we bagtyýarlyk eýýamyny esaslandyryjy we ruhlandyryjy milletiň Liderini uly ruhubelentlik bilen mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutany gyrasynda ýurdumyzyň goragçylary nyzama düzülen haly ýodajygy bilen ýöräp geçýär. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdançada ýörite bellenen ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milletiň Lideri dabaraly ýagdaýda ajaýyp binanyň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň