Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýaşlary Astrahanda geçirilýän «CELIAS — 2020-ä» gatnaşýarlar

18:4627.09.2020
0
5855

«Astrahan-24»-iň habaryna görä, şu gün Astrahanda başlanan «CELIAS» halkara ýaşlar maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.  

Şu ýyl maslahat Russiýanyň we Hazarýaka döwletleriniň dürli künjeklerinden 400-den gowrak ýaş zehin ýygnandy. Olar öz taslamalaryny döreder we durmuşa geçirer.

Maslahat 1-nji oktýabra çenli dowam eder. Bu ýerde oňa gatnaşyjylar üçin okuw sapaklarynyň üçüsi geçirilýär. Şol sanda olar dürli bäsleşiklere gatnaşar.

«CELIAS» maslahaty 2008-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýän we, adatça, ýaş telekeçileri, talyplary we ýaşlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy hereketleriň işjeňlerini, ýaş ýazyjylary, sazandalary, horeograflary, aktýorlary, ssenariýeçileri, Russiýa Federasiýasynyň we goňşy ýurtlaryň döredijilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny birleşdirýän uly göwrümli bilim taslamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň