Soňky habarlar

Arhiw

Matwiýenko rus-türkmen parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň tarapdary

17:0527.09.2020
0
11420

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Gutlaglarynda Federasiýa Geňeşiniň başlygy rus-türkmen parlamentara gepleşiklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy. Bu barada "Parlamentskaýa Gazeta" palatanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-nji ýylda Mejlisara Bileleşige doly agza bolmagy, şeýle möhüm halkara platformasynda bilelikdäki işleriň giňelmegi üçin GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň çärelerine türkmenistanly gelen kärdeşleriniň gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Gutlag hatynda "Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi dürli meseleler boýunça türkmen kärdeşleri bilen parlamentara gepleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýar we parlament dostluk toparlarynyň möhüm rol oýnaýan bilelikdäki işini güýçlendirmek isleýär" diýlip ýazylýar.

Matwiýenko Mejlisiň ýolbaşçylaryna we wekillerine jogapkär döwlet işlerinde üstünlik gazanmaklaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň