Soňky habarlar

Arhiw

Özbek Lideri Türkmenistandaky özgermetlere ýokary baha berdi

12:4327.09.2020
0
1126

Türkmenistanyň Garşasyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderine Gutlag hatyny ýollady.

Onda şeýle ýazylýar:

“Ga­dyr­ly do­ga­nym! Milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Sizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden gutlamak we iň oňat arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Siziň parasatly ýolbaşçylygy­ňyzda Türkmenistan ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýar. Toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy, uly döredijilikli işleriň alnyp barylýandygy, täze owadan şäherleriň gurulýandygy, iri döwrebap düzümleýin desgalaryň bina edilýändigi bizi örän begendirýär. BMG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde, dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary halkara gi­ňişlikde ýurduň eýeleýän ornunyň hem-de abraýynyň ýokarlanýandygynyň ajaýyp subutnamasydyr. Köptaraply özbek-türkmen gatnaşyklary biziň halklarymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, diliniň, ruhy we medeni gymmatlyklarynyň umumylygynyň esasynda netijeli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ulag, suw, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ulgamlar bilen birlikde, ähli ileri tutulýan ugurlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluga, hoşniýetli goň­şuçylyga, özara hormat goýmaga we goldawa baky eýerýän iki doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gi­ňeldiljekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli döwlet işi­ňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň