Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeonyň beýannamasy

09:5727.09.2020
0
14620

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň we amerikan halkynyň adyndan, Garaşsyzlygyňyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy iberýärin.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistany sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde, hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär. Halkara jemgyýetçiliginiň COVID-19 pandemiýasynyň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe, biz Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldamagy dowam edýäris. Öňümizdäki ýyllarda ABŞ ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikler, «C5+1» diplomatik platformasy we ykdysady, bilim we şahsy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly iki ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Türkmenistanyň halkyny bu möhüm waka bilen gutlaýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň