Tramp Türkmenistany parahatçylyga ygrarlylykda goldaýar

09:2327.09.2020
0
31712

Türkmenistanyň Garaşszylygynyň 29 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Lideri Donold Tramp Berdimuhamedowa Gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär: “Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent! Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli amerikan halkynyň adyndan gutlaglarymy beýan edýärin. 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar. Siziň ýurdu­ňyzyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny we çäk bitewüligini goldap, biz bu däpleri geljekde-de dowam ederis. Türkmenistan Merkezi we Günorta Aziýanyň gülläp ösmeginde, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk işlerine eýermekde Sizi we Siziň ýurdu­ňyzy doly goldaýaryn hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýene bir gezek kabul ediň!”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň