Türkmenistanyň Garaşszylygynyň 29 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Lideri Donold Tramp Berdimuhamedowa Gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär: “Hormatly jenap Prezident! Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli amerikan halkynyň adyndan gutlaglarymy beýan edýärin. 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar. Siziň ýurduňyzyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny we çäk bitewüligini goldap, biz bu däpleri geljekde-de dowam ederis. Türkmenistan Merkezi we Günorta Aziýanyň gülläp ösmeginde, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda möhüm orun eýeleýär. Parahatçylyk işlerine eýermekde Sizi we Siziň ýurduňyzy doly goldaýaryn hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýene bir gezek kabul ediň!”
Soňky habarlar
Arhiw
Tramp Türkmenistany parahatçylyga ygrarlylykda goldaýar
09:2327.09.2020
0
31715
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň