Soňky habarlar

Arhiw

Putin Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi

09:2327.09.2020
0
8235

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany Wladimir Putin türkmen Liderine Gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär: “Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! Siziň ýurdu­ňyz durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Aşgabat Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýar. Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris. Dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara howpsuzlygy­ň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde oňyn özara hereketleri bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň biziň dostlukly halklarymyzyň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigi gürrüň­sizdir. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglygyny we üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň