Arhiw

Berdimuhamedow watandaşlaryny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýar

02:3327.09.2020
0
7526

Şu gün – 27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk toýuny belleýär. Bu taryhy sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryna Gutlag ýollady.

Onda şeýle diýilýär:

“Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy - Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de
milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys.

«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem asylly däbimize eýerip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň nusgalyk ýoluny saýlap alan eziz Watanymyzyň Milli baýramynyň şanyna Aşgabat şäherinde hem-de sebitlerimizde
döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny we kärhanalary dabaraly açyp, ulanmaga berýäris. Milli ykdysadyýetimizde gazanan uly üstünliklerimize bagyşlanan sergileri, ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik dabaralaryny geçirýäris. Kabul eden maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri üçin, watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglaýarys. Agzybirligimizi, jebisligimizi we döwletliligimizi alamatlandyrýan bu dabaralar Garaşsyz Diýarymyzyň, merdana halkymyzyň at-abraýyny, mertebe-şanyny has-da artdyryp, her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyzy milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirýäris. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden-de berkitmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, kuwwatly we köpugurly milli ykdysadyýeti döretmek ugrunda öz öňümizde täze, has uly wezipeleri goýýarys. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan uzakmöhletleýin maksatnamalarymyzy hem-de toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işleri üstünlikli dowam etdirýäris. Täze obalarydyr şäherleri, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalaryny, mekdepleridir çagalar baglaryny, ýaşaýyş toplumlaryny we ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen gurýarys. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrýarys. Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, nebitgaz pudaklarynda ýokary ösüşleri gazanýarys.

Mähriban watandaşlar!

Hemmetaraplaýyn ösen döwleti gurmaga gönükdirip alyp barýan syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimiz, Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýar. Berkarar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrýar. Bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär.

Biziň alyp barýan işjeň daşary syýasatymyz durmuş-ykdysady ösüşe we döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri syýasatymyzyň dowamydyr. Sebäbi, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimizi mundan beýläk hem okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny has-da gowulandyrmak üçin möhüm kararlary kabul etdik hem-de ileri tutulýan wezipeleri kesgitledik.

Munuň özi merdana halkymyz bilen el-ele berip, döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyza gulluk edip, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öne barýan berkarar Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, eziz Diýarymyzyň at-abraýy has-da belende galsyn!”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň