Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Ýaponiýada kompaniýalaryň rekord mukdarda ýapylmagyna garaşylýar

13:1426.09.2020
0
994

Koronawirus pandemiýasynyň Ýaponiýanyň ykdysadyýetine edýän täsiri netijesinde, bu ýurtdaky kompaniýalaryň şu ýyl rekord mukdarda ýapylmagyna garaşylýar. Bu ýagdaý dowam etse, şu ýylyň ahyryna çenli ýapylan kompaniýalaryň sany 50,000-den geçip biler. Bilermenleriň netijesine görä, bu 2000-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji bolar.

Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýanyň Zähmet ministrligi şu ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli 60,000-den gowrak adamyň işini ýitirendigini aýtdy. Bu sanaw döwlet iş merkezleriniň sebit býurolarynyň hasabatlaryna esaslanyp kesgitlenildi. Ministrligiň pikiriçe, hakyky sanawlaryň has ýokary bolmagy ähtimal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň