Soňky habarlar

Arhiw

Angliýada koronawirusyň ýaýramagyna gözegçilik etmek üçin täze programma döredildi

13:0626.09.2020
0
837

Angliýada koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagyna gözegçilik etmek üçin täze elektron programma işe girizildi.        

Milli saglyk ulgamy tarapyndan dolandyrylýan täze programma koronawirusa ýolugan adama ýakynlaşan kişini ýüze çykaran halatynda, onuň 14 günläp ynsanlardan üzňelikde bolmagyny talap edýär. Şeýle hem, programma koronawirusyň iň köp ýaýran ýerine baryp görýänlere duýduryş berýär. Elektron programmany 16 ýaşdan uly islendik adam ulanyp biler.

Saglygy goraýyş ministri Matt Hankok täze programmanyň ýokuşma howpy bolan adamlary kesgitlemäge kömek etjekdigini aýtdy. Programma Uelsde we beýleki köp ýerlerde elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň