Soňky habarlar

Arhiw

Wodorod ýangyçly uçaryň ilkinji uçuşy

11:0226.09.2020
0
1341

“ZeroAvia” kompaniýasynyň işläp taýýarlan wodorod ýangyçly uçary ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Alty orunlyk kiçi göwrümli uçar dünýäde ýangyjyň bu görnüşi bilen işleýän ilkinji howa gämisi hasaplanýar. Soňky ýyllarda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň azaldylmagy maksady bilen energiýanyň arassa çeşmeleri kämilleşdirilýär. Wodorod ýangyjy hem arassa energiýa çeşmeleriniň biri hasaplanyp, ýokary tehnologiýa talap edýär. Häzire çenli wodorod ýangyjy bilen işleýän awtoulag, otly ýaly ulag serişdeleri bar hem bolsa, bu tehnologiýa uçarda ilkinji gezek ulanylýar. “ZeroAvia” kompaniýasynyň bu uçary gibrid görnüşli bolup, wodorod we elektrik energiýasy bilen işleýär. Uçaryň ilkinji uçuşy Beýik Britaniýanyň Bedford graflygyndaky Kranfild atly obanyň golaýynda amala aşyryldy. Uçaryň howa göterilmek, bellenen ugurdan gitmek we gonuş ukyby synagdan geçirildi. Taslama ýurduň hökümeti tarapyndan goldaw berilýän “HyFlyer” maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Kompaniýa mundan soňra uçary 400 kilometr aralykda synagdan geçirer. Synagyň şu ýyl  tamamlanjakdygy mälim dildi.

Birleşen Patyşalygyň Senagat boýunça döwlet maslahatçysy Nadim Zahawi “ZeroAvia”-nyň bu üstünliginiň barada, has az hapa döredýän howa gämisini işläp taýýarlamagyň Birleşen Patyşalygyň 2050-nji ýyla çenli nol kömürturşy gazly maksadyna ýetmegine goşant goşjakdygyny mälim etdi.

Beýik Britaniýa, esasan, ulag we senagat pudaklarynda ýüze çykýan howanyň hapalanmagyny 2050-nji ýyla çenli dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň