Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada geçirilen kliniki synaglar koronawirusyň “Avigan” dermany bilen bejergisiniň netijeliligini tassyklady

09:3626.09.2020
0
788

Ýaponiýada dümewe garşy "Avigan" dermanyny öndüriji  kompaniýa kliniki synaglardan soň, bu dermanyň COVID-19-a ýolugan hassalary bejermekde hem täsirlidigini tassyklady.

"Avigan" dermany “Fujifilm Holdings” korporasiýasynyň “Fujifilm Toyama Chemical” diýen golçur kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Korporasiýa COVID-19-a ýolugan hassalary bejermek üçin hökümete ýüz tutmazdan ozal, 20 ýaşdan 74 ýaş aralygyndaky 156 sany ýokanç keselli adamlarda "Avigan" dermany bilen synag geçirdi. Bu synag örän netijeli bolup, oňa gatnaşan hassalaryň ählisini diýen ýaly keselden gutardy.

Synaglar “Avigan” dermanyň howplylygy, böwrege we bagyra ýaramaz täsir edip biljekdigi baradaky öňki myş-myşlary ýalana çykardy.

Häzirki wagtda kompaniýa, bu dermany COVID-19 bejergisinde ulanmak üçin oktýabr aýynyň başynda hökümete ýüz tutmagy meýilleşdirýär
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň