Soňky habarlar

Arhiw

26-njy sentýabr – ýadro ýaraglaryny ýok etmekligiň halkara güni

09:2726.09.2020
0
676

Bütindünýä jemgyýetçiligi her ýylyň 26-njy sentýabrynda ýadro ýaraglaryny ýok etmekligiň halkara gününi belleýär. Bu şanly sene  2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 60-njy umumy mejlisiniň A/RES/68/32 belgili karary bilen döredildi. BMG-niň bu şanly senäni bellemeginiň esasy maksady, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni global ýadro ýaragsyzlanmagyň zerurlygyna çekmekden hem-de ýadro ýaraglaryny ýok etmegiň peýdalary barada halklara habar bermekden ybaratdyr. Galyberse-de, adamzadyň esasy wezipelerinden biri ýadro ýaragy bolmadyk planetada parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmakdyr.

Dünýäniň ähli ýurtlarynda ýadro ýaraglaryny doly ýok etmeklik BMG-niň esasy we köne maksatlaryndan biridir. Baş Assambleýanyň 1946-njy ýylda ilkinji ses beren we kanuny taýdan tassyklanan birinji karary bütindünýä sebitinde ýadro ýaraglaryny ýok etmek bilen baglanyşykly mesele boldy. Ondan soňra bu mowzuk BMG-niň 1959-njy we 1975-nji ýyllardaky ýygnaklarynyň meýilnamalaryna girizildi. Ýadro ýaraglaryny ýok etmek meselesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1978-nji ýylda geçirilen  ýaragsyzlanmak baradaky ilkinji ýörite mejlisiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, bu maksat BMG-nyň baş sekretarlarynyň her biri tarapyndan tassyklandy we goldanyldy. Netijede, dürli ýyllarda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk barada birnäçe şertnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň