Angliýanyň Liga Kubogynda janköýerlere gyzykly duşuşyklar garaşýar

19:1825.09.2020
0
742
Angliýanyň Liga Kubogynda janköýerlere gyzykly duşuşyklar garaşýar

Angliýanyň Liga Kubogynyň (EFL Cup) 4-nji tapgyrynda güýçli klublar özara bije çekişdi. Şoňa görä, oýnamazdan 4-nji tapgyra çykan “Tottenhem” London derbisinde “Çelsi” bilen duşuşar. Bu duşuşyk 29-njy sentýabrda oýnalar. Şeýle-de tapgyryň iň esasy duşuşygynda “Liwerpul” bilen “Arsenal” özara güýç synanyşar. Bu duşuşyk 1-nji oktýabrda oýnalar. Iki klub bu oýundan 3 gün öň çempionatyň çäginde-de duşuşyk geçirer. “Braýton” bilen “Mançester Ýunaýted” çempionatyň 3-nji tapgyryndan soň, Liga Kubogynyň 4-nji tapgyrynda-da duşuşarlar. 4-nji tapgyryň ünsi çekýän ýene bir duşuşygy möwsüme şowly başlan “Ewerton” bilen “West Hamyň” arasyndaky oýun bolar. Angliýanyň Liga Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 29-30-njy sentýabrda hem-de 1-nji oktýabrda oýnalar.

Liga Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary:

29-njy sentýabr:

“Tottenhem”–“Çelsi”

30-njy sentýabr

“Nýuport”–“Nýukasl”

“Býornli”–“Man. Siti”

“Braýton”–“Man. Ýunaýted”

“Ewerton”–“West Ham”

1-nji oktýabr

“Brentford”–“Fulham”

“Aston Willa”–“Stok Siti”

“Liwerpul”–“Arsenal”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň