“Bawariýa” “Real Madridiň” rekordyny täzeledi

18:0225.09.2020
0
756
“Bawariýa” “Real Madridiň” rekordyny täzeledi

“Bawariýanyň” Super Kubogy eýelän düýnki duşuşygy olaryň bassyr ýeňiş gazanan 23-nji oýny hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, nemes topary bu ugurda Ýewropanyň TOP – 5 çempionatynda rekordy täzeledi. Ýagny olar “Real Madridiň” yzly-yzyna ýeňiş gazanmakda 22 oýunlyk rekordyny täzelemegi başardylar. “Real Madrid” Karlo Ançelottiniň tälimçiliginde 2014-njy ýylyň sentýabryndan-dekabryna çenli aralykda 22 oýunda ýeňiş gazanmagy başarypdy. “Bawariýa” bolsa soňky gezek 9-njy fewralda “Leipsig” bilen bolan oýunda utuk ýitiripdi. Topar şondan soňky 23 duşuşykda-da ýeňiş gazanyp, taryhy rekord goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň