Soňky habarlar

Arhiw

BMG Halkara Bitaraplyk gününde Angliýa bilen bütindünýä sammitini geçirmekligi meýilleşdirýär

17:1725.09.2020
0
995

Birleşen Milletler Guramasy Angliýa bilen 12-nji dekabrda – Halkara Bitaraplyk gününde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Bütindünýä  sammitini geçirer. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berdi.

Sammit Türkmenistanyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna, 2017-nji ýyldan bäri bütindünýä baýramy hökmünde bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Pariž klimat şertnamasyna gol çekilmeginiň bäş ýyllygyna gabat gelýär.

Bütindünýä alymlarynyň soňky ylmy gözlegleri parnik gazlarynyň konsentrasiýasynyň rekord derejä ýetendigini görkezýär. Bu mesele babatda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres we iňlis premýer-ministri Boris Jonson 12-nji dekabrda – Halkara Bitaraplyk gününde geçiriljek wideomaslahat görnüşindäki dünýä liderleriniň ýygnagyna ýolbaşçylyk eder.

Pariž şertnamasy 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýanyň 21-nji konferensiýasyndan soň kabul edildi.

Ylalaşyga laýyklykda, gatnaşyjy ýurtlar dünýädäki ortaça temperaturanyň senagatdan öňki döwür bilen deňeşdirilende 2100-nji ýyla iki gradusdan ýokary galmagynyň öňüni almaga razy boldular. Resminama esasanam parnik gazlarynyň azalmagyny göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň