Arhiw

UEFA Super Kubogynyň eýesi “Bawariýa” we gyzykly maglumatlar

11:0525.09.2020
0
4072

Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arenada oýnalan UEFA Super Kubogy duşuşygynda “Bawariýa” ýeňiş gazandy. Çempionlar ligasynyň çempiony hökmünde bu duşuşykda çykyş eden nemes kluby Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Sewilýadan” goşmaça wagtda 2-1 hasabynda üstün çykdy. Ilkinji hüjümleri eden “Sewilýa” ilkinji bolubam hasaby açdy. Oýnuň 13-nji minutynda angliýa emin Entoni Teýloryň bellän penalti urgusyny dürs uran Lukas Okampos ispan klubuny öňe saýlady. Ýöne nemes klubunyň bu gola jogaby gijikmedi. Oýnuň 34-nji minutynda Lewandowskiniň owadan pasynda topy batly uran Leon Goreska hasaby deňledi. Oýnuň 1-nji ýarymy bu hasap bilen tamamlandy. 2-nji ýarymyň ilkinji minutlarynda nemes kluby 2 gol geçirdi. Lewandowskiniň goly ofsaýt sebäpli, Saneniň goly-da şol pursatda Lewandowskiniň oýnuň düzgünini bozandygy nazarda tutulyp, iňlis emini tarapyndan hasaba alynmady. 65-nji minutdan soň, bolsa oýunda jylawy ele alan “Sewilýa” yzly-yzyna hüjüm baryny etdi. Oýnuň ahyrlarynda-da “Bawariýanyň” hüjümleri netije bermedi we duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde gutardy. Goşmaça wagtda-da ilki ispanlar, soňra-da nemesler örän amatly pursatlar döretdiler. Oýnuň 104-nji minutynda burçdan ýerine ýetirilen urgudan soň daşlaşdyrylan topy Alaba batly urdy. Derwezeçiden yzyna gaýdan topy-da 99-njy minutda oýna giren Hawi Martines derwezä gönükdirdi. Bu duşuşykdaky soňky gol bolup, “Bawariýa” 2013-nji ýyldan soň, taryhynda 2-nji gezek UEFA Super Kubogyny eýelemegi başardy. Şunlukda “Bawariýa”, 2020-nji ýyldaky 4-nji kubogyny asmana göterdi. Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, germaniýaly Tomas Müller saýlandy.

Gyzykly maglumatlar

* 6-njy gezek UEFA Super Kubogy duşuşygynyň ýeňijisi goşmaça wagtda kesgitlendi.

* 45-nji gezek oýnalan UEFA Super Kubogy duşuşygynda 25-nji sapar Çempionlar ligasynyň ýeňijisi ýeňiş gazandy.

* “Bawariýa” bu kubogy azyndan 2 gezek eýelän 10-njy klub boldy.

* “Bawariýa” şu ýyl oýnan soňky 23 duşuşygynda-da ýeňiş gazandy

* Bu duşuşykda goşmaça wagtda tapawutlanan Hawi Martines 2013-nji ýylda-da goşmaça wagtda gol geçirip, “Bawariýanyň” ilkinji Super Kubogyny gazanmagynda uly rol oýnapdy.

* “Sewilýa” 5-nji gezek UEFA Super Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň