Arhiw

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärlerine ýeňillikler dörediler

11:0425.09.2020
0
11111
Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärlerine ýeňillikler dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün etmek boýunça işleriň gurnalandygyny belledi. Ilatyň umumy lukmançylyk barlagy geçirilýär we adamlaryň immun ýagdaýyny gowulandyrmak üçin beýleki zerur çäreler görülýär. Döwlet derejesinde bu ýiti ýokanç kesele garşy durmak hem-de oňa garşy durmaga taýynlygy üpjün etmek üçin meýilnama kabul edildi. Pandemiýa garşy göreşmek üçin dessin durmuş-ykdysady çäreler meýilnamasy hem tassyklandy – diýip,  milletiň Lideri öz çykyşyndan belläp geçdi.

Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we bu ýokançlyga garşy göreşde mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak häzirki wagtda möhüm ugurlardan biridir. Döwlet Baştutany şu gün saglygy goraýyş işgärleriine goşmaça ýeňillikleri göz öňünde tutýan karara gol çekjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze görnüşini taýýarlamagyň zerurdygyny bellän Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda degişli ýolbaşçylardan we hünärmenlerden anyk tekliplere garaşýandyklaryny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň