Soňky habarlar

Arhiw

Düwme telefonlarynyň smartfonlardan gaty artykmaçdygy bellenildi

10:0725.09.2020
0
1220

"Intellektual ätiýaçlyk" («Интеллектуальный Резерв») kompaniýasynyň müdiri Pawel Mýasoýedow düwme telefonlaryň smartfonlardan has gowudygynyň esasy sebäplerini aýtdy.

Mýasoýedow, düwme telefonlaryň indi tehnologiki taýdan has ösen  iň häzirki zaman smartfonlaryndan hem, meşhurlyk gazanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, düwme telefonlary durnukly we kuwwatlygy has uzak saklamaga ukyply. Bu babatda hünärmen: "Olary her gün kuwwatlandyrmak zerur däl, temperaturanyň üýtgemegine has çydamly we aragatnaşyk ýitirilip bilinjek ýerlerde-de köplenç gowy signal bolýar" – diýip, öz pikirini beýan etdi.

Mundan başga-da, ol indi köpleriň köplenç tebigatda bolanda ýakynlary bilen aragatnaşyk saklamaklyk has amatly bolar ýaly ýönekeý düwme telefonlaryny satyn alýandygyny. ýagny, adamlaryň köp mukdarda pul töleýän smartfonlaryndan tapawutlylykda, ýitirse-de gynanmajak telefonyny alýandygyny dile getirdi.  

Şeýle-de, Mýasoýedow: “Düwmeli enjamy ulanmak köp wagtyňy tygşytlaýar, sebäbi hemişe internetde bolmak, film görmek ýa-da poçta almak mümkinçiligi aradan aýrylýar.” – diýen  netijä gelýär.



Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň