Soňky habarlar

Arhiw

Geljekde ulanylamgy meýilleşdirilýän magnit asma otlusy çuňňur deňiz gerşine meňzeýär

09:5725.09.2020
0
1092

Geljekde Ýaponiýada, Hytaýda we Günorta Koreýada jemgyýetçilik ulagy babatda az energiýa talap edýän çözgüt hökmünde asma otlylary ulanylar. 

Dizaýner Darina Şi, tebigatyň ajaýyplygyndan, dürli nagyşlaryndan, jemgyýetiň ösüşiniň rowaçlanyşyndan  ylhamlanyp “Spacetrain”-i döretdi. Onda otly düşünjesiniň esasy süňkleri rampa ýaly şekillendirilipdir. Öň we gapdal bölekler ajaýyp deňiz jandarynyň agzyna we ganatlaryna meňzeýär. Edil şonuň ýaly-da, gök we ak reňkler dürli suwuklyga – buz we akýan suwlara meňzeýär. Süýrmegi azaltmak we ýewrodinamikany gowulandyrmak üçin “Spacetrain” suwuk dizaýny –  biomimikriýa köklerini açyp görkezýär. Darinanyň teklibi boýunça “Spacetrain”-iň uzynlygy 25 metr we ini 3,4 metr bolar.

Ulag moduly, iň ýokary tizlik we netijelilik üçin ýele garşylygy azaltmak maksady bilen “Hyperloop” ýaly tuneliň içinde hereket edýär. Ýolagçylar ulag modulynyň iki gapdalynda, potolokda doly penjireleri bolan iki orunlyk hatarda (hersi aýratyn maglumat ulgamy bilen üpjün edilen) oturanda panoramik görnüşe eýe bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň