Soňky habarlar

Arhiw

Mobil dünýäsi kongresi yza süýşürildi

09:4725.09.2020
0
626

Bütindünýä GSM Assosiasiýasy koronawirus epidemiýasy sebäpli Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilmeli Mobil dünýäsi Kongresini (MWC) 2021-nji ýylyň iýunyna aýyna çenli yza süýşürdi.

Mobil dünýäsi Kongresiniň başlygy Jon Hoffman  aslynda şu ýylyň fewral aýynda geçirilmeli MWC-niň COVID-19 sebäpli ýatyrylyp, ilki 1-nji–4-nji mart aralygynda, soňra ýene senesi üýtgedilip 28-nji iýundan–1-nji iýul aralygynda geçirmekligiň meýilleşdirilendigini, ýöne bu ýiti howply ýokanç keseli zerarly ýene-de yza  süýşürilip, maslahaty geljek ýylyň iýun aýynda gurnamaklygyň göz öňünde tutulandygyny  habar berdi.

Metbugat bilen söhbetdeşlikde Hoffman "Häzirki wagta çenli pudagymyzdaky 100 iri kompaniýanyň 78 göterimi MWC-e – Mobil dünýäsi Kongresine gatnaşyp geldi. Munuň ýene-de 80 göterime ýa-da 85 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşýarys." - diýip belläp geçdi

Senenama üýtgeşmesiniň pudak agzalary tarapyndan oňyn kabul edilendigini mälim eden Hoffman, "Geljek ýylky MWC – Mobil dünýäsi Kongresi
üçin hemmämiz diýseň tolgunýarys" - diýdi.

MWC – Mobil dünýäsi Kongresi  2006-njy ýyldan bäri Barselonada geçirilýär, bu ýerde ykjam tehnologiýa kompaniýalary täze önümlerini hödürleýärler we 200 töweregi ýurtdan 100 müňden gowrak pudak wekili gatnaşýar.

MWC-niň – Mobil dünýäsi Kongresiniň, takmynan 13 müň adama iş we 450 million ýewro girdeji galdyrýanlygy sebäpli Barselona şäheri üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň