Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa Aý taslamasyna gatnaşmak üçin 770 million dollar bölüp berer

09:4025.09.2020
0
750

Geljek maliýe ýylynda (2021-nji ýylyň aprelinden 2022-nji ýylyň martyna çenli) Ýaponiýa ABŞ-nyň Aý taslamasyna gatnaşmak üçin 770 million dollar bölüp berer.

Maliýe serişdeleriniň esasy bölegini täze pilotsyz ýük gämisiniň gurluşygyna maýa goýmak meýilleşdirilýär. 2009-njy ýyldan bäri Halkara kosmos stansiýasyna ýük daşamak üçin ulanylýan Kounotori kosmiki gämisine çalşylar.

Ýaponiýa Aerokosmiki gözleg gullugynyň (JAXA) 2021-nji maliýe ýyly üçin umumy býudjeti 2,6 milliard dollardyr.

2019-njy ýylda Ýaponiýa ABŞ-nyň kosmos gullugynyň (NASA) Aý meýilnamasyna goşulmak kararyna geldi. Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministrligi bilen NASA Ýeriň tebigy emeli hemrasyny öwrenmek ugrundaky hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň