Benzin bilen işleýän awtoulaglaryň satuwy 2035-nji ýyldan başlap gadagan ediler

09:3425.09.2020
0
1401

ABŞ-da Kaliforniýa ştaty 2035-nji ýylda benzin bilen işleýän täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan eder. Bu barada Kaliforniýanyň häkimi Gavin Nýusom beýanat berdi. Onuň beýanaty maglumat hökmünde twitterde ýerleşdirildi.

Häkim "Uzak wagt bäri maşynlaryň tüssesi bilen çagalarymyzyň we ýakynlarymyzyň dem alýan howasynyň hapalamagyna rugsat berdik. Çagalarymyzda demgysma döretmeýän awtoulaglar gerek" -diýdi. Onuň sözlerine görä, Howany goramak boýunça Döwlet geňeşi 2035-nji ýyla çenli ştatda satylýan ähli täze awtoulaglaryň atmosfera çykarýan kömürturşy gazynyň öňüni almak üçin düzgünleri işläp düzer we 2045-nji ýyla çenli bu düzgünler orta we agyr ýük awtoulaglaryna hem degişli ediler.

Kaliforniýa ABŞ-nyň iň uly awtoulag bazarydyr we awtoulag satuwynyň 11 göterimini emele getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň