Soňky habarlar

Arhiw

“Tesla” elektrik ulaglarynyň bahasyny 10 000 dollar azaldar

09:1925.09.2020
0
837

Sişenbe güni, 22-nji sentýabrda, “Tesla” kompaniýasy batareýalarynyň bahasyny 100 kilowat sagatda düýpgöter azaltmak meýilnamasyny yglan etdi we şeýlelik bilen elektrik ulaglaryny ýangyç bilen işleýän awtoulaglar ýaly elýeterli etdi. Kompaniýa, batareýalarda ulanylýan iň gymmat material bolan kobalty ýok etmek arkaly bu täsire ýetmek isleýär.

Elon Mask täze batareýalara geçmegiň wagtyny aýtmady, ýöne  “Tesla” kompaniýasynyň 25 000 dollaryň ýerine 15 000 dollara elektrik ulaglaryny öndürip biljekdigini aýtdy.

“Tesla” şereketi batareýanyň çykdajylaryny azaltmak meýilnamalaryny beýan edensoň, Aziýanyň batareýa üpjün edijilerindäki paýnamalar ýokarlandy. Şeýlelik bilen, Ýaponiýada, Hytaýda we Günorta Koreýada öndürijileriň ýagdaýynyň elektrik ulaglary bazarynyň liderine baglydygy aýan boldy.

“Tesla” şereketi häzirki wagtda Newada zawodynda “Panasonic” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda batareýa öndürýär. “LG Chem” we “CATL” şereketleri bolsa Şanhaý zawodynda batareýa öndürýär. Kaliforniýada synag tejribesi bilen täze batareýalary döretmek prosesini giňeltmek meýilleşdirilýär, ýöne önümçiligiň mukdary pes bolar.

“Tesla” kompaniýasy 2022-nji ýyla çenli  batareýanyň kuwwatlylygyny 100 gigawat sagadyna, 2030-njy ýyla çenli bolsa 3000 gigawat sagadyna ýetirmek isleýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň