“Apple” Russiýada analog “Bluetooth” synap başlar

09:0925.09.2020
0
544

“Apple” kompaniýasynyň Russiýadaky “Apple Rus”  golçur kärhanasy “Ultra WideBand” (“iPhone 11”-de ornaşdyrylan UWB) tehnologiýasyny synagdan geçirer. Bu ösüşiň Bluetooth-yň kämilleşdirilen wersiýasy boljakdygy çak edilýär. Munuň üçin Radio ýygylyklary boýunça Döwlet komitetinden 6240-8236.8 MGs aýratyn radio ýygylyk zolaklaryny bölüp bermegini haýyş etdi. Komissiýa tarapyndan anketa indiki ýygnakda serediler. Bu tehnologiýalaryň haýsydyr bir enjamyň işleýşine päsgel berip biljekdigini anyklamak üçin synaglar geçiriler. Häzirki wagtda radio ýygylyklary boýunça Döwlet komitetiniň girizen çäklendirmeleri sebäpli bu tehnologiýa ýurtda ulanylmaýar.






Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň