Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň geçirilýän ýerinde lukmançylyk bölümleri döredildi

22:2524.09.2020
0
6939

Aşgabatda hem-de welaýatlarda, Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň geçiriljek ýerlerinde zerur goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümleri guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Milletiň Lideri saglygy goraýşa degişli hemme çäreleriň berjaý edilişini hem-de Halk Maslahatyna we beýleki möhüm çärelere gatnaşjaklaryň zerur goranyş serişdeleri bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň