Russiýa: Sputnik V sanjymy üçin 1,2 milliarddan gowrak doza sargyt alyndy

18:3424.09.2020
0
1298

Russiýanyň  Maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew dünýäde ilkinji hasaba alnan Covid-19 sanjymy Sputnik V üçin 1,2 milliarddan gowrak doza alandyklaryny aýtdy.

Dmitriýew, sanjym barlaglary boýunça geçiren metbugat ýygnagynda: "Sputnik V sanjymyna dünýä boýunça gyzyklanmany göz öňünde tutsak, bu sanjymdan eýýäm 1,2 milliarddan gowrak doza sargyt aldyk. Daşary ýurtlaryň bu gyzyklanmasy rus sanjymynyň hilininiň ýokarylygyny görkezýär" -diýip belledi.

Sanjym önümçiliginiň kuwwatyna degip geçen Dmitriýew, dekabr aýynyň ahyryna çenli aýda takmynan 10 million dozany artdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Şeýlelik bilen, Russiýada sanjym etdirmek isleýän her bir adam, 6-9 aýyň içinde bu sanjymy alyp biljekdigini aýtdy we ýurduň ähli raýatlary üçin elýeter boljakdygyny belledi. 

Şeýle-de bolsa, “Wektor” gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzülen ikinji koronawirus sanjymynyň patendiniň indiki hepde berilip bilinjekdigi mälim edildi. Russiýanyň intellektual eýeçilik federal gullugynyň başlygy Grigoriý Iwliýew rus metbugatyna Wektor merkezi tarapyndan işlenip düzülen sanjymy bellige almak baradaky arzanyň geljek hepde tamamlanjakdygyny aýtdy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň