Kumanyň ornuna Frank de Bur

18:2024.09.2020
0
1067

Niderlandlaryň ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Ronald Kuman wezipesinden aýrylyp, “Barselona” bilen şertnama baglaşypdy. Ýurduň futbol federasiýasy onuň ornuna ozalky futbolçylardan Frank de Bury wezipä belledi. 50 ýaşly tälimçi 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tälimçilige “Aýaksda” başlan Frank de Bur amsterdamlylar bilen yzly-yzyna 4 ýyl çempionlyk gazandy. Ondan soň, “Inter”, “Kristal Palas”, “Atlanta Ýunaýted” ýaly klublarda işlän Frank de Bur futbolçylyk ýyllarynyň aglabasyny “Aýaks” we “Barselonada” geçirdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň