“Bawariýamy” ýa-da “Sewilýa”

17:2824.09.2020
0
1114

Şu gün UEFA Super Kubogy duşuşyygy oýnalar. Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Bawariýa” bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Sewilýa” toparlary duşuşar. Aşgabat wagty bilen ýarygije – 00:00-da başlanjak duşuşyga angliýaly Entoni Teýlor eminlik eder. Duşuşyk Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arenada oýnalar. Iki topar hem bu arzyly kubogy 1 gezek eýelemegi başardy. “Bawariýa” 2013-nji ýylda, “Sewilýa” bolsa, ondan öň 2006-njy ýylda UEFA Super Kubogyny asmana göteripdi. “Bawariýa” 3 (1975, 1976, 2001), “Sewilýa” 4 gezek (2007, 2014, 2015, 2016) UEFA Super Kubogy duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp bilmedi.

Iki topar mundan ozal, diňe 2 gezek özara duşuşyk geçirdi. 2017-2018 möwsüminde UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda duşuşypdylar. Sewilýadaky oýunda nemes kluby 2-1 ýeňiş gazanýar. Münhendäki jogap duşuşygynda-da gol geçirilýär. Duşuşygyň faworiti hökmünde “Bawariýa” 1 ädim öňde hasaplanýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň