“Volkswagen ID.4” tanyşdyryldy: 520 km ýol geçer

15:3924.09.2020
0
813

“Volkswagen” kompaniýasynyň köp wagtdan bäri garaşylýan elektrik energiýasy bilen işleýän SUV ulagy bolan “ID.4”-i tanyşdyrdy. Iki görnüşi bolan ulag rahatlygy we bir gezekki zarýady bilen uzak ýol geçip bilýänligi bilen tapawutlanýar. Kompaniýa geçen ýyl Frankfurt halkara awtoulag sergisinde “ID.Crozz” ady bilen nusgalyk görnüşdäki ulagyny görkezipdi. Daşky şekili adaty ýangyçly ulaglaryndakydan tapawutly bolan elektroulagda rahat we berklige aýratyn üns beripdir.

Ulagyň “Pro” görnüşindäki 77 kW/sagatlyk batareýa, 150 at güýjüne barabar hereketlendiriji oturdylypdyr. Ulag bir gezekki zarýady bilen 520 km ýol geçip bilýär. Ulag 0-100 km/sagat tizlige 8,5 sekuntda ýetýär. Modeliň “Pure” görnüşi 52 kW/sagat batareýa bilen üpjün edilip, kuwwaty 125 at güýjüne barabar. Ulag ýarym sagat zarýada goýlanda, 200 mil ýol geçýär.

Ýerden beýikligi 21 sm bolan we yzky tigirleri aýlanýan ID.4-iň geljekde 4x4 modelleriniň çykaryljakdygy aýdylýar. Ulagyň bagažynyň göwrümi 543 litre barabar. Içki dizaýny babatda hem tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan peýdalanylan ulagyň öň tarapynda sürüjä niýetlenen bir ekran, şeýle hem ortada ýerleşdirilen 12 dýuýmlyk ýene bir ekran oturdylypdyr.

Ulagyň, ilkinji nobatda, Ýewropa ýurtlarynda,  Hytaýda we ABŞ-da satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Ulagyň bahasy we müşderilere ýetiriljek wagty mälim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň