Soňky habarlar

Arhiw

Guwanç Kanaýew — Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň täze baş tälimçisi

15:0024.09.2020
0
8533

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysyna baş tälimçilik etmek ýerli hünärmen Guwanç Kanaýewe ynanyldy diýip, Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

35 ýaşly Guwanç Kanaýew bu wezipede ozal işlän horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň ornuny tutar. Ol aprel aýynda şertnamasynyň möhletiniň dolmagy, Aziýa çempionatynyň bolsa soňa süýşürilmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadylypdy.

Guwanç Kanaýew mundan ozal Türkmenistanyň futzal toparlarynyň birnäçesinde baş tälimçi bolup işledi. Şeýle hem ol 2012-nji ýylda milli ýygynda, 2018-nji ýylda 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndymyza tälim berdi. 2019 — 2020-nji ýyllarda bolsa, milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Robert Grdowiçiň kömekçisi bolup işledi.

Milli ýygyndymyzyň täze baş tälimçisine ýerli hünärmen Mekan Muhammetmyradow ýardam berer.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlanar. AFK yklym çempionatynyň şu ýylyň 2 — 13-nji dekabry aralygynda geçiriljekdigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň