Lebapdaky saglyk merkezlerinde internler lukmanlara ýardam berýär

10:3324.09.2020
0
873

Lebap welaýat «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezinde ýurdumyzyň hem-de Ukraina, Belarus Respublikasy ýaly döwletleriň lukmançylyk uniwersitetlerini tamamlan ýaşlaryň 10-sy internatura — ýokary bilimden soňky iş tejribeligini geçýär.

Merkezdäki internleriň 5-si dürli ýerlerden gelen lukmançylyk çagyryşlaryna gidýär. Şeýlelikde olar halypa lukmanlaryň ýolbaşçylygynda näsaglara ilkinji kömegi bermegiň tejribesini özleşdirýärler. Günüň dowamynda merkeze onlarça çakylyk gelýär. Bu ýerde iş tejribeligini geçýän ýaşlar şolaryň aglabasyna baryp, dürli keseller boýunça ilkinji lukmançylyk kömegini bermekde uniwersitetde öwrenenlerini iş ýüzünde berkidýärler.

Ýaş hünärmenleriň galan bäşisi merkeziň bölümlerine berkidilipdir. Biri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, ikisi Ukrainanyň, ikisi hem Belarus Respublikasynyň uniwersitetlerinden uçurym bolan ýaşlar reanimasiýa, EKG we hirurgiýa bölümlerinde iş tejribeligini geçýärler. Olar, esasan, lukmanyň kömekçisi wezipesini ýerine ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň