Soňky habarlar

Arhiw

"Begler ýoly" H.K. önümleri Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde görkezildi

09:4824.09.2020
0
9546

Polietilenden we polipropilenden önüm öndürmek bilen meşgullanýan “Begler ýoly” hususy kärhanasynyň önümleri 19-20-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde görkezildi.

“Begler ýoly» H.K. Aşgabatda 2014-nji ýyldan bäri işleýär. Kärhanada azyk we konditer önümleri üçin gaplar, öý himiki serişdeleri üçin dürli görnüşli plastik gaplar, bakja önümleri üçin sebetler, plastik bedreler öndürilýär.

Önümler  ML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda iki görnüşde: çişirmek we basyş arkaly öndürilýär. Günde ortaça 10,000-15000 kg mukdarda önüm öndürilýär.

Kärhananyň önümleri “Miras”, “Sähetli türkmen”, “Ýigit”, “Guba gara”, “Täze aý”, “Owadan ülke”, “Sap taslama”, “Ajaýyp Ussat”, “Bäş nur”, “Oguz ýol” ýaly ýerli kärhanalaryň arasynda meşhurlyga eýedir.

Önümler halkara ülňülerine doly laýyk gelýär we ekologiýa taýdan arassa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň