Soňky habarlar

Arhiw

“Apple” şereketi “iOS 14” operasion ulgamynyň soňky görnüşini çykardy

08:5824.09.2020
0
894

Täze operasiýa ulgamy, soňky birnäçe ýylda satuwa çykarylan “iPhone” modelleri bilen birlikde, “iPhone 6s” üçin elýeterlidir. Smartfonda operasiýa ulgamy gurlandan soň, smartfonyň batareýasynyň ömrüniň nähili üýtgändigini bilmek üçin bloggerler “iOS 14”-den başlap, “iPhone” modelinde 5 “iOS” görnüşini synagdan geçirdiler.

“IAppleBytes Youtube” kanalynyň awtorlary dürli “iOS” görnüşi bolan 5 sany “iPhone 6s” smartfonyny synagdan geçirdiler. Synag edilen “iOS” görnüşleriň arasynda “iOS 10.3.3”, “iOS 11.4.1”, “iOS 12.1”, “iOS 13.7” we “iOS 14” bar. Synagdan ozal 5 “iPhone 6s” smartfonynyň hemmesi 100 göterim güýç bilen, ekranyň ýagtylygy 25 göterim derejesinde kesgitlenildi. Synag wagtynda “Geekbench” ölçeg programmasy her smartfonda iň ýokary awtonom režimde işe girizildi.

Synag netijelerine görä, iň güýçli “iOS” görnüşi “iOS 12.1” boldy. Şeýlelik bilen, bu görnüşe eýe bolan “iPhone 6s” smartfonynyň kuwwat derejesi 20 göterime düşende, beýleki smartfonlaryň kuwwat derejesi 50 göterimden birneme ýokarydy. Netijede, “iOS 12.1” bilen “iPhone 6s” 1 sagat 53 minut, “iOS 13,7” bilen “iPhone 6s” 3 sagat 3 minut, “iOS 6” bilen “iPhone 6s” 3 sagat 4 minut, “iOS 11.4.1” bilen “iPhone 6s” 3 sagat 13 minut, “iOS 10.3.3” bilen “iPhone 6s” bolsa 3 sagat 32 minut tygşytlady. Şeýlelikde, “iOS 10.3.3”-iň has köp iş wagty bar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň