Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy IeSF-niň agzalygyna kabul edildi

01:1324.09.2020
0
4388

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy ýakynda Halkara Kibersport federasiýasynyň doly hukukly agzalygyna saýlandy. Şeýlelikde, elektron sportuň ýurdumyzdaky taryhynda möhüm ädimleriň ýene-de biri ädildi.

«Elektron sporty ýakyn geljekde Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak baradaky işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň milli federasiýasynyň Halkara federasiýanyň doly hukukly agzasy bolmagy biziň wekillerimiziň halkara ýaryşlara, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçiligini artdyrar. Bu agzalyk muňa doly hukuk berýär» diýlip, milli federasiýanyň resmi saýtynda aýdylýar.

Halkara Kiberport federasiýasyna agza bolmak bilen, Türkmenistan onuň düzgünlerine laýyklykda, her ýyl resmi içki ýaryşlary geçirmäge borçlanýar. Olaryň ýeňijilerini milli ýygynda çagyryp, halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýär.

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy gysga wagtyň dowamynda yzygiderli geçirilýän ýaryşlaryň eýýäm birnäçesini döretdi. Olarda zehinli ýaşlaryň uly toplumy ýüze çykaryldy. Milli federasiýanyň geçen ýyl Aziýanyň Elektron sport federasiýasynyň agzalygyna hem kabul edilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň