Arhiw

Özbegistanyň çempionaty: «Bunýodkory» ýeňen AGMK ýene ikinji orna çykdy

19:3823.09.2020
0
4685

20 — 22-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň futbol çempionatynyň Super ligasynyň 16-njy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Sport.kg habar gullugynyň habaryna görä, çempionatyň lideri, häzirki wagtda AFK Çempionlar ligasyna gatnaşýan Daşkentiň «Pahtakory» bu tapgyrda ýene oýnamady.

«Pahtakoryň» iň ýakyn bäsdeşi, Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary 14-nji tapgyrda Bekabatda «Metallurgdan» 0:1 hasabynda ýeňlişe sezewar bolandan we «Sogdiana» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandan soň, ýaryşdaky esasy bäsdeşleriniň birini ýeňip, janköýerlerini begendirdi. Has takygy, tapgyrda öňdäki orunlaryň biri üçin göräşýän «Bunýodkor» bilen geçirilen duşuşyk 3:2 hasabynda Almalyk şäheriniň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Daşkendiň «Jar» stadionynda geçirilen duşuşykda AGMK-niň ýeňiş pökgüsini 89-njy minutda Jasur Umarow geçirdi.

AGMK-niň türkmenistanly ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow 62-nji minutda Sanjar Tursunowyň ornuna meýdana çykdy. «Bunýodkoryň» türkmenistanly hüjümçisi Selim Nurmyradow bolsa ätiýaçdaky oýunçylaryň sanawyna-da goşulmady.

Şeýlelikde, Mirjalol Kasymowyň şägirtleri 16 oýunda 33 utuk toplap, ýene-de ýaryşyň ikinji basgançagyna geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň