“Barselona” ýene bir oýunçysyny ugratdy

19:3423.09.2020
0
870

“Barselona” topary yzly-yzyna oýunçylaryny başga klublara ugradýar. Artur, Rakitiç, Widaldan soň, Semedony hem başga topara ugratdy. Katalonlaryň sag gyraky goragçysy, portugaliýaly Nelson Semedo “Wulwerhempton” toparyna transfer boldy. Iňlis kluby 26 ýaşly oýunçy üçin “Barselona” klubuna 30+10 million ýewro tölär. Möjekler Semedo bilen 3+2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Semedo portugaliýaly Nuno Espirito Santonyň tälimçiligindäki “Wulwerhemptondaky” 10-njy portugal futbolçy bolar. “Barselona” bolsa, Semedonyň deregine “Aýaksdan” amerikaly 19 ýaşyndaky Serjinio Destini 20+5 million ýewro transfer eder.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň