Transfer eden oýunçysyny 17 günden soň yzyna aldy

18:2423.09.2020
0
857

Italiýada “Inter” topary Andrea Pinamontini 17 günden soň, “Jenoadan” yzyna transfer etdi. Geçen ýylyň tomsunda “Jenoa” Pinamontini kärendesine alypdy. Golaýda-da “Jenoa” topary 19,5 million ýewro töläp, ýaş hüjümçini ymykly transfer edipdi. Ýöne “Inter” 21 ýaşyndaky italýan oýunçyny şertnamadaky yzyna transfer edip biler diýen madda salgylanyp, yzyna satyn aldy. “Inter” bu transfer üçin 20 million ýewro töledi. Italýan metbugatynda çykan habarlara görä, iki klubuň arasynda ýene-de oýunçy alyş-çalşygy bolar. Andrea Ranokkia bilen Andrea Kandrewanyň öňümizdäki günlerde “Interden” “Jenoa” toparyna transfer bolmagyna garaşylýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň