Soňky habarlar

Arhiw

“Liwerpul” portugaliýaly ýaş hüjümçini düzümine goşdy

17:4023.09.2020
0
868

“Premier Liganyň” soňky çempiony “Liwerpul” düzümine “Wulwerhempton” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Diogo Žotany goşdy. Bu transfer üçin 43 million ýewro tölän “Liwerpul” 23 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Žota “Liwerpulyň” Simikas we Tiago Alkantaradan soň, şu möwsümdäki 3-nji transferidir. Žota täze toparynda 20-nji belgili köýnekçäni geýer. 3 möwsümden bäri “Wulwerhemptonda” çykyş edip gelýän Žota 14 million funt sterlinge “Atletiko Madridden” alypdy. Žota “Wulwerhempto”n toparynda 131 oýunda 44 gol geçirdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň