Soňky habarlar

Arhiw

Wirusy ýok edýän çyra öndürildi

14:3823.09.2020
0
1318

Ýaponiýanyň “Ushio” atly kompaniýasy wiruslary ýok edýän lampany tanyşdyrdy hem-de satuwyny ýola goýdy. “Care 222 UV” atly lampa häzirlikçe diňe lukmançylyk edaralaryna satylýar. Ultramelewşe şöhle saçýan enjamyň koronawirusy hem ýok edýändigi aýdylýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanan lampanyň jemgyýetçilik ulaglarynda, liftlerde we iş ýerlerinde ulanylmagy maksat edinilýär. Häzirki wagtda ultramelewşe çyralar lukmançylykda we azyk senagatynda zyýansyzlandyryjy hökmünde giňden ulanylýar. Emma adam bedeni bu ýagtylygy yzygiderli sezewar bolanynda, käbir deri keselleriniň döremegine sebäp bolup bilýär. Täze işlenip taýýarlanan lampa adaty ultramelewşe lampalardan tapawutlylykda 254 nanometr tolkun uzynlygynyň deregine, 222 nanometr tolkun uzynlygyna eýe bolup durýar. Bu bolsa, deri we beýleki kesellere sebäp bolmaýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, bu lampa 2,5 metr uzagyndaky 3 inedördül metr metr meýdandaky ähli jisimleriň ýüzündäki bakteriýalaryň we wiruslaryň 99 göterimini ýok edýär. Hirosima uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde 222 nanometr uzynlygyndaky şöhleleriň koronawirusy ýok edýändigi ýüze çykarylandygy bellenilýär. Agramy 1,2 kilograma deň bolan enjam üçin häzirlikçe diňe lukmançylyk edaralaryndan sargyt kabul edilýändigi, geljekde islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen beýleki müşderilere hem bu harydyň hödürlenjekdigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň