Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-of tapgyrynda “Krasnodar” hem-de “Red Bull Salsburg” ýeňiş gazandy

12:2323.09.2020
0
657

UEFA Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyrynyň 1-nji oýunlarynyň 3  duşuşygy geçirildi. Geçirilen şol duşuşyklarda Russiýanyň “Krasnodar” topary öz meýdançasynda PAOK toparyny 2–1 hasabynda ýeňdi. 32-nji minutda Pelkasyň goly bilen öňe saýlanan “Krasnodar” Klaesson (39 p) hem-de Kabellonyň (70) gollary bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Edil şonuň ýaly hasap bilen tamamlanan “Makkabi Tel Awiw”–“Red Bull Salsburg” duşuşygynda myhmançylykda awstriýa topary üstün çykdy. “Slawiýa Praga” bilen “Midtýullannyň” arasyndaky oýunda-da hasap açylmady.

Şu gün pleý-off tapgyrynyň galan 3 duşuşygy – “Olimpiakos”–“Omoniýa”, “Molde”–“Ferençwaroş” hem-de “Gent”–“Dinamo Kiýew” duşuşyklary oýnalar. Pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşyklary bolsa, 29-30-njy sentýabrda geçiriler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň