Soňky habarlar

Arhiw

Filip Uremowiç: «Gurban Berdiýew bilen işleşmek kyn bolsa-da, men ondan köp zat öwrendim»

11:4723.09.2020
0
6107

«Rubiniň» we Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň 23 ýaşly goragçysy Filip Uremowiç Kazan şäheriniň klubyna mundan iki ýyl ozal nähili gelendigi, 2018-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli bile işlän türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky işler barada aýtdy. Bu döwürde futbolçy 58 duşuşykda bir gezek tapawutlanyp, bir gezek hem asist etdi.

«Gurban Berdiýew menden iki merkezi goragçyly oýun usulyna taýýarlymy sorady. Şol wagt toparda bu ýerde oýnaýan Ýegor Sorokin we Sesar Nawas bardy. Ýöne Gurban Beridýewe ýyndam, çalt oýnap bilýän goragçy gerekdi. Her niçik hem bolsa men özüme tanyş uslypda oýnamagy makul bildim. Men ondan köp zat öwrendim. Onuň bilen işleşmek ýeňil däldi, ep-esli kötek eşitmeli bolýardy — diýip, «Matç TW» futbolçynyň aýdanlaryny getirýär.

«Bu ýerde taktika boýunça köp işlenilýär. Horwatiýada beýle zady görmedim. Ilki-ilkiler “Bu nähili futbol?” diýýärdim. Ýöne wagtyň geçmegi bilen onuň peýdasyny gördüm.

Bir gezek «Krylýa Sowetow» bilen bolan oýunda ýeňiş gazandyk (2: 1). Ertirligi geçirilen türgenleşiklerde Gurban Berdýew «Biz gepleşmeli. Diňle, şunuň ýaly oýnamagy dowam etdirseň, oturarsyň» diýdi. Geň galdym, sebäbi gowy oýnandyryn öýdýärdim. «Orenburg» bilen geçirilen oýundan soň bolsa Gurban Berdiýew meniň diňe birinji ýarymda goýberen 46 ýalňyşlygymy sapa berdi. 46! Umuman, men ondan köp zat öwrendim, kämilleşmegime itergi berdi».

Filip Uremowiç 2018-nji ýylyň tomsunda Sloweniýanyň «Olimpinden» «Rubine» transfer edildi. Munuň üçin kluba 1 million ýewro tölendi. Kazan klubynyň 23 ýaşyndaky oýunçysy 2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Fransiýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda milli ýygyndysynda ilkinji gezek çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň